16-njy noýabrda Antalýada COP31 maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda «Jemgyýetçilik guramalary we howa çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere» atly bäşinji tematiki sessiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlar düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sessiýada Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyş edip, howa sowatlylygyny çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Ol howa bilimini kämilleşdirmek, ýaşyl başarnyklary ösdürmek, sanly maglumatlardan peýdalanmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bäş teklibi öňe sürdi.
Tekliplerde 2027-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Howa dialogynyň çäklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda ýörite sessiýany we sebit bäsleşigini guramak, mekdepleriň howa boýunça sanly atlasa maglumat goşmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýaşyl hünärleri ösdürmek we mugallymlar üçin ýörite okuw modullaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Çykyşda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň netijeleri hem bellenildi. Häzirki wagtda oňa ýurdumyzyň 120 mekdebi we takmynan 160 müň okuwçysy gatnaşýar. 2030-njy ýyla çenli mekdepleriň sanyny 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Sessiýanyň dowamynda ýaşlaryň ekologik başlangyçlara gatnaşygyny giňeltmek we ÝUNISEF, BMGÖM hem-de Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM
EN
RU