2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň setirleri – ýaşlaryň ýol ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek bilen bagly mazmunly çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU