Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk täze belentliklere çykýar. Şol giň möçberli işleriň saýasynda Koreýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk barha rowaçlanmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň nobatdaky beýany hökmünde, 2026-njy ýylyň 10-13-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Kangwon milli uniwersitetiniň serhetlerinden daşary: Ýokary bilimde bütindünýä ýaýbaňlanma we hyzmatdaşlyk» atly 3-nji Bütindünýä hyzmatdaşlyk maslahatyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleriniň gatnaşmagyny görkezmek bolar.
Halkara derejede guralan bu maslahata Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýa Respublikasyndan, Wengriýadan, Malaýziýadan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanda bilimiň ileri tutulýan strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem çykyşda«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» esasy maksatlaryna – bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, halkara bäsdeşlige ukyplylyga, okatmagyň döwrebap usullaryna uly üns berilýändigi beýan edildi hem-de Kangwon milli uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň özara hyzmatdaşlygynyň tejribe alyşmak, akademiýa hereketliligini ösdürmek we ýokary bilimi halkara derejä çykarmak işinde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Saparyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory bilen Kangwon milli uniwersitetiniň prezidenti Çoň Jeýonyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan Ähtnamanyň hem-de Ylalaşygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda geljekde ikitaraplaýyn bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny artdyrmak, şeýle hem tomusky tejribelik maksatnamalaryny giňeltmek boýunça täze ädimler kesgitlendi.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna, ýaş hünärmenleriň kämilleşmegine we halkara hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykmagyna giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
TM
EN
RU