2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ilerledýär» atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminarynyň dowamynda 2026-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna (Baku şäheri) we Ermenistan Respublikasyna (Ýerewan şäheri) iş saparlaryny amala aşyryp, iki sany iri halkara sammite gatnaşandygy hem-de ol ýerde öňe süren möhüm başlangyçlary bilen bagly birnäçe temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Seminaryň dowamynda bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine degişli birnäçe çykyşlar diňlenildi. Okuw seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU