2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini hem-de many-mazmunyny talyp ýaşlara we halk köpçüligine düşündirmek, jemgyýetçilige wagyz etmek boýunça «Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa ýörelgesi bagtyýar ýaşlara görelde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň, Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Bagtygül Hojageldiýewanyň, Grafika kafedrasynyň mugallymy Adylşa Annamuhammedowyň giň mazmunly çykyşlaryna orun berildi.
Howa diplomatiýasy döwletleriň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ylmy-tehnologik tejribeleri alyşmak we umumy çözgütleri işläp taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm görnüşidir. Onuň esasy aýratynlygy umumadamzat bähbitleriniň milli we sebit derejesindäki ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylmagyndadyr. Şoňa göräde, howa diplomatiýasy Türkmenistan üçin diňe bir halkara gün tertibiniň möhüm ugry bolman, eýsem, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmek we geljek nesilleriň abadançylygyny pugtalandyrmak bilen gönüden göni baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde öňe süren möhüm başlangyçlarynyň biri hem howa gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dürli ýurtlaryň, halkara guramalaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin açyk halkara meýdançasy hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklibidir diýlip çykyşlarda bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
TM
EN
RU