Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwlet kärhanalary we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we talyp ýaşlaryň - geljekki hünärmenleriň amaly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işleri geçirmek yzygiderli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylym baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýatlyk kafedrasy hereket edýär. Bu kafedrada institutyň hünärmenleri bilen ylmy barlaglary we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmak hem-de ylmy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürmek, zerur bolan hünärlerden ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýaňy-ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary “Türkmengaz” DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda talyp ýaşlar bilen göçme okuw sapagyny gurnadylar. Göçme okuw sapagynyň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly tejribe sapaklaryň üsti bilen berkitmek. Talyplar Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Geologiýa bölüminiň Sebitleýin we agtaryş geologiki barlaglar laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, institutda hereket edýän Geologiýa muzeýinde boldular. Bu muzeý Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň ýerasty gurluşyny, dag jynslaryny we mineral baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek we ýaş hünärmenlere görkezme esbap hökmünde peýdalanmak üçin niýetlenendir. Talyp ýaşlar muzeýde ýurdumyzyň uglewodorod mümkinçiliklerine eýe bolan ägirt uly meýdançalaryň çylşyrymly geologik gurluşlary, meýdançalaryň ýerasty üç ölçegli (3D) sanly modelleri, nebit-gazly ýataklardan çuň buraw bilen alnan kern nusgalyklary, geologik gurluşlaryň kartalary, ýataklaryň kesimleri we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, ýurdumyzda duş gelýän gazylyp alynýan baýlyklar, minerallar, geologik döwürlere degişli galyndylar barada gymmatly maglumatlary öwrendiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
TM
EN
RU