Şu gün 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplary, daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata Malaýziýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Gruziýadan, Täjigistan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan we Katardan wekiller gatnaşdylar.

Diňleýji hökmünde 1000-den gowrak gatnaşyjy bolup, umumy mejlisde 30-a golaý çykyşlar diňlenildi. Bölümçelerde 150-den gowrak çykyşlar diňlenildi. Olardan 50-ä golaý daşary ýurtlaryň Ýokary okuw mekdeplerinden, kompaniýalaryndan çykyşlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide täze sanly çözgütler, interaktiw okuw serişdeleri, bilim ulgamyna niýetlenilen programma üpjünçilikleri bilen bir hatarda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanan üstünliklerini beýan edýän diwarlyklar we milli gymmatlyklarymyz görkezildi.

Soňra “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy geçirilip, onda çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Halkara derejesindäki bu maslahatyň esasy maksady sanly innowasiýalaryň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini seljermekden we sanlylaşdyrma boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sanly ulgamyň, emeli aňyň we ýokary tehnologiýalaryň döredýän mümkinçiliklerinden mynasyp baş çykarmaklary üçin giň gerimli bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin häzirki zaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda soňky ýyllarda sanly we innowasion tehnologiýalar, telekommunikasiýalar ýaly çalt depginde ösýän ugurlaryna ýöriteleşen bilim edaralary döredildi. Sanly ykdysadyýetiň ösüş ugrunyň özgerýän şertlerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary yzygiderli açylýar. Olarda bilim alýan ýaşlar innowasiýa we tehnologiýa babatda özleriniň oýlap tapyşlaryny, programma üpjünçiliklerini hödürläp bilýän ýaş hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar.

Maslahatda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirýän ulgamlaýyn işleri, bilim ulgamynyň barha artýan sanly ösüşiniň depginleri hem-de bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Maslahata gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bilim ulgamynda, täze tehnologiýalary oýlap tapmak işinde ýurdumyzyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyk beýan edildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde hünärmenler babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi.

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde sanly innowasion tehnologiýalary we emeli aňy ulanmagyň halkara tejribesi, sanly innowasion tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna we önümçilige ornaşdyrylyşy, sanly bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, sanly giňişlikde kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlara bagyşlanan çykyşlara hem uly orun berildi.

Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini bölümlerde dowam etdi. Onuň birinji bölümi “Sanly tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet” diýlip atlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sanly özgertmeleriň we ähli ulgamlara innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolmak bilen, iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmäge hem-de özleşdirmäge açykdygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

“Ylym-bilim ulgamynda emeli aň we intellektual tehnologiýalar” diýlip atlandyrylan ikinji bölümiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşmalarda ählumumy sanlylaşdyryş döwründe ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde kiberhowpsuzlyk meseleleriniň strategik häsiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, emeli aň adamzadyň dünýä akyl ýetirip başlan döwründen başlap häzirki wagta çenli toplanan maglumatlara, ylmyň soňky gazananlaryna daýanyp, olary seljermäge, netije çykarmaga hem-de tehnologiýalardyr robot tehnikalaryny dolandyrmaga ukyplydyr.

Durmuşymyza ýuwaş-ýuwaşdan aralaşýan emeli aň gysga wagtyň içinde köp zady ýeňilleşdirdi we häzirki wagtda hem ýeňilleşdirmegini dowam edýär. Sanly ulgamyň işjeň durmuşymyza ornaşýan döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýaşlara öwretmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak işleri döwrebap derejede ýola goýulýar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän tehnikadyr tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýän ýaşlarymyz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýarlar.

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň üçünji bölümi “Kiberhowpsuzlyk we sanly infrastrukturany goramak” diýlip atlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe strategik wezipeleriň, maksatnamalaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilişinde halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýän we ösdürilýän düýpli ylma aýratyn orun degişlidir.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde okgunly tehnologiýa ösüşi amala aşyrdy. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň halkara düzümleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy bellenildi we bu babatda döredilýän ähli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar we hoşallyk sözleri aýdyldy.