2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde sergi we medeni çäreler guraldy. Sergide uniwersitetiň talyplary tarapyndan emeli aňyň mümkinçilikleri esasynda taýýarlanylan dürli abzallar, enjamlar, şeýle hem robototehnika ulgamynda gazanylan netijeler we innowasion işläp taýýarlamalar görkezildi. Sergide täze sanly çözgütler, interaktiw okuw serişdeleri, bilim ulgamyna niýetlenilen programma üpjünçilikleri bilen bir hatarda mugallymlaryň hem-de talyplaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanan üstünliklerini beýan edýän diwarlyklar we milli gymmatlyklarymyz görkezildi. “Gara altyn” aýdym-saz toparynyň aýdymçylary, dutarçylary we tansçylary tarapyndan ýerine ýetirilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, türkmen tebigatyny hem-de milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Halkara ylmy-amaly Maslahata 18 döwletden, ýagny Malaýziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarus Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Gruziýanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Kataryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, talyplarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenleriniň, daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň wekilleriniň 70-e golaýy, şeýle-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hürnärmenleriň we ylmy işgärleriniň jemi 1000-e golaýy gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Su Wanýun, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň prezidenti, professor Jin Ýan, Italiýanyň Eni Turkmenistan Limited kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Jorjio Kastriota Skanderbeg, Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Turkmenistan RSC Ltd” şahamçasynyň direktory Fares Omar Ebrahim Zaidani Albluşi, Dragon Oil kompaniýasynyň känleri özleşdirmek boýunça uly geňeşçisi Heşam Zubari, Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy-barlag işleri we aspirantura bilimi boýunça wise-prezidenti, professor Reda Bendrau çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda sanly tehnologiýalary, emeli aňy we kiberhowpsuzlygy ösdürmek, olaryň ylmy-bilim ulgamynda hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylyş mümkinçilikleri, täze ylmy-tehnologik çözgütler we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Sanly tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet”, “Ylym-bilim ulgamynda emeli aň we intellektual tehnologiýalar” we “Kiberhowpsuzlyk we sanly infrastrukturany goramak” atly bölümlerde dowam etdirdi.

Maslahatyň umumy mejlisinde 30-dan gowrak we 3 sany bölümleriň işinde bolsa 150-den gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda gysga döwrüň içinde okgunly sanly innowasion tehnologiýalaryň, emeli aňyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, kiberhowpsuzlyk goraglyk ugurlarynyň ösüşi amala aşyryldy. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, sanly serişdeleri, programma üpjinçilikleri, emeli aňy ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy bellenildi we bu babatda döredilýän ähli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözleri beýan edildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti