Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropanyň we dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler.
2026-njy ýylyň 14-25-nji noýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary Italiýa Respublikasynyň Genuýa uniwersitetinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň “Daşky gurşaw, meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyryşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly halkara taslamasynyň utgaşdyryjy toparynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Genuýa uniwersitetiniň Ylym-bilim departamentinde (DISFOR) geçirilen maslahatda taslamanyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň jemleri jemlenildi hem-de 2026–2027-nji ýyllara niýetlenen geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Ýewropanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we akademiki toparlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde durnukly ösüşe, ekologiýa howpsuzlygyna hem-de korporatiw dolandyryşa (ESG) degişli magistrlik maksatnamalarynyň we saýlama mikro-kreditleýin modullaryň okuw meýilnamalaryna ornaşdyrylmagy boýunça gazanylan netijeler ýokary baha eýe boldy. Şeýle hem çärede Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki mobilligini ýokarlandyrmak hem-de halkara ylmy toruny döretmek boýunça Ýol kartasy ylalaşyldy.
Italiýa Respublikasynda geçirilen bu abraýly halkara duşuşyk ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynda, öňdebaryjy tejribeleri milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda we durnukly ösüş maksatlaryna hyzmat edýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ýene-de bir möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TM
EN
RU