Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen milli-ruhy mirasymyzy, şol sanda halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesinde toplan iňňän baý mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip, bilim-terbiýeçilik işinde kitabyň ornunyň we ähmiýetiniň ulydygyny nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden çykyşynda: «Türkmen halkynyň milli terbiýe mekdebiniň taryhy ýoly örän gadymy hem-de beýik bolupdyr. Jeýtun we Änew medeniýetleri, Marguş şalygy, Altyndepe we Horezm siwilizasiýalary döwründe ylmyň we bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ilkinji kerpiçleri goýlupdyr. Milli terbiýe mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda has-da kämilleşipdir. Parfiýa imperiýasynda, Gaznalylar we Garahanlylar döwletlerinde, Beýik Seljuk imperiýasynda, Horezmşalar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar döwletlerinde, Hindistandaky soltanlyklarda milli terbiýe mekdebi babatynda örän baý tejribe toplanypdyr. X asyrda Türkmenistanyň çäginde ilkinji bilim ojagy bolan medreseler peýda bolupdyr. Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Gürgenç, Abiwerd ýaly iri şäherlerde dürli ugurlarda bilim öwredýän medreseler bina edilipdir. Medreselerde ýalan sözlemezlige, ruhy päklige, adamkärçilige, myhmansöýerlige, halaly-haramy saýgarmaga birinji derejeli ähmiýet berlipdir» diýip, nygtap belledi.

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» (biologiýa ylymlarynyň doktory S.K.Durdyýewiň ylmy redaksiýasy bilen) atly köpjiltlik neşiriň birinji tomy çapdan çykaryldy. Türkmenistanyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunna bagyşlanan bu neşir Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan taýýarlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw gollanmasy hökmünde hödürlenilýän bu uly göwrümli kitapda iň gadymy döwürden başlap XVI asyra çenli aralykdaky döwürde Türkmenistanda pedagogik pikiriň kemala gelmeginiň, mekdepleriň döreýşiniň we ösüşiniň, çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň taryhy baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şol maglumatlar dürli çeşmelere – taryhy-medeni ýadygärliklere, ýazuw çeşmelerine, arheologik tapyndylara, halk döredijiliginiň eserlerini, arhiw materiallaryna, türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine, nesil terbiýesinde toplan baý etnopedagogik materiallara degişli beýleki köp sanly anyk delillere esaslanýar.

Okuw gollanmasy Türkmenistanda pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy bilen meşgullanýan ylmy işgärlere, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim edaralarynyň pedagoglaryna, aspirantlara, mugallymçylyk ugurly okuw mekdepleriniň talyplaryna, şeýle hem ýurdumyzda türkmen halkynyň baý etnopedagogik mirasy hem-de ýaş nesli terbiýelemegiň we okatmagyň wajyp meseleleri bilen gyzyklanýanlara niýetlenen.

Söhbeti edilýän bu okuw gollanmasynyň mazmuny girişden, iki bapdan, on bir bölümden we otuz bölümçeden, jemlemeden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan durýar.

«Iň gadymy döwürden VII asyra çenli Türkmenistanda pedagogik pikiriň ösüşi» atly birinji babyň düzüminde jemi üç bölüm we bäş bölümçe bolup, olarda pedagogikanyň taryhynyň ugur alýan çeşmeleri, terbiýäniň döreýşine bolan garaýyşlar, olaryň seljerilişi, Gadymy Parfiýa we Göktürkmen döwletlerinde pedagogik garaýyşlar döreýşi we ösüşi baradaky maglumatlar beýan edildi.

Okuw gollanmasynyň «VII–XVI asyrlarda Türkmenistanda pedagogik garaýyşlaryň ösüşi» diýlip atlandyrylan ikinji baby jemi sekiz bölümden we ýigrimi bäş bölümçeden durýar. Bu bapda yslam dini we onuň pedagogikanyň ösüşine täsiri,

«Oguznamalarda» terbiýäniň we bilimiň beýany, «Gorkut ata» eposynda bilim we terbiýe, «Görogly» eposynda milli terbiýäniň şöhlelenilişi, atabeglik mekdebi – milli terbiýäniň özboluşly nusgasy, IX–XIII asyrlarda Türkmenistanda bilim işiniň ösüşi (Garahanly, Gaznaly, Beýik Seljukly, Horezmşalar-Anuşteginler döwletleri, halk döredijiliginde milli terbiýäniň çeper beýany, Gündogaryň beýik akyldarlary Muhammet ibn Musa Al-Horezminiň, Abu Nasyr al-Farabynyň, Mäne babanyň, Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet al-Birunynyň, Abu Aly ibn Sinanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Omar Haýýamyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nejmeddin Kubranyň, Möwlana Jelaleddin Muhammet Rumynyň, Hajy Bekdaş Weliniň, Ýunus Emräniň ömür ýoly, terbiýe, ylym, bilim baradaky pikirler, pedagogik garaýyşlary baradaky gyzykly maglumatlar beýanyny tapdy. Şeýle hem, täze neşir edilen okuw gollanmanyň ikinji babynda XI asyryň gymmatly pedagogik mirasy hasaplanýan «Kowusnamada» beýan edilen pedagogik garaýyşlar, olaryň Gündogarda, şol sanda Türkmenistanda hem pedagogik garaýyşlaryň ösüşindäki we nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar beýan edilen.

Okuw gollanmasynda ýerleşdirilen suratlar, çyzgylar, kartalar onda beýan edilen maglumatlaryň many-mazmunyna, pedagogik pikiriň ösüş taryhyndaky ornuna we ähmiýetine has gowy düşünmäge okyja mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köpjiltlik neşiriň I jiltinde beýan edilen ylmy maglumatlardan görnüşi ýaly, türkmen halkynyň nesil terbiýesiniň örän gadymdan yzarlanylýan inçe syrlaryna uly orun we möhüm ähmiýet berendigini görmek mümkin. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan terbiýeçilik ýörelgeleri gitdigiçe kämilleşip, döwrebap röwşe eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatly ýörelgeler has-da kämilleşdirilýär. Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren nusgalyk kitaplary, milli edebi eserlerimizde öňe sürülýän terbiýeçilik garaýyşlary, beýik danalaryň pedagogik pikirleri häzirki döwürde türkmen ýaşlaryna döwrebap hem-de milli edim-gylymlarymyza mahsus ruhda edep-terbiýe bermek ýörelgeleriniň özenini düzýär. Gadymyýetden şu güne çenli bar bolan terbiýeçilik we bilim bermek bilen bagly ýörelgeleriň ählisinde bir umumylygyň ‒ ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi ugrundaky çäksiz aladanyň durandygyny aýdyň görmek bolýar.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň

doktory, dosent.