Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykýar. Ony 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Turkiýe Respublikasynda döwlet sapary doly subut edýär.Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türki Döwletler Guramasynyň (TDG) ХIII sammitine gatnaşdy.

Bu taryhy saparyň ähmiýeti dogrusynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmenistan dostlugyň mekany” atly telegepleşigiň täze sanyny taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. Gatnaşan mugallymlar rowaçlanýan türkmen-türk gatnaşyklary hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde watanymyzyň okgunly ösüşleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Türki Döwletler Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup hyzmat edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol ýerde türkmeniň Ak öýi dikilip, onuň ýanyndan bolsa Ahalteke bedewiniň heýkeli oturdyldy. Soňra Türki Döwletler Guramasynyň ХIII sammitine gatnaşyjy ýurt baştutanlary Malazgirt çäreler merkezine bardylar. Aslynda Ýewraziýanyň iň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň dowamynda türki dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik goşandyny goşup gelýär.

Hormatly Prezidentimize Ankaradaky Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça Hormatly doktory derejesi, Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan bolsa “Strategik dostluk nyşany” berildi. Bu bolsa taryhy saparyň ähmiýetini has artdyrdy. Çykyş edenler gazanylýan şeýle ajaýyp üstünliklerden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti