Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň çäklerinde iki ýurduň alymlary hem-de mugallymlary bilelikde täze okuw gollanmalaryny taýýarladylar we neşir etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Täze neşirleriň hatarynda sanly bilim gurşawynda pedagogyň başarnyklaryny ösdürmäge, innowasion okatmak usullaryna we inklýuziw bilime bagyşlanan ylmy hem-de okuw-usuly gollanmalar, şeýle hem 1-4-nji synplar üçin «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersi boýunça iş depderleri bar. Bu serişdelerde emeli aň tehnologiýalaryny okuw işinde ulanmak we başlangyç synp okuwçylarynyň terbiýeçilik işini kämilleşdirmek ýaly möhüm meselelere uly üns berilýär.
Täze okuw serişdeleri Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň çäklerinde bilim işgärlerine tanyşdyryldy. Okuwlaryň dowamynda neşirleri peýdalanmak boýunça maslahatlar berildi hem-de 2027-nji ýylda bilelikde taýýarlanyljak täze okuw serişdeleri barada pikir alyşyldy.
Bu bilelikdäki hyzmatdaşlyk milli bilim ulgamynyň ylmy-usulyýet binýadyny berkitmäge, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni bilim işine giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär.
TM
EN
RU