S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleriniň bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen foruma ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, dünýäniň birnäçe döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Halkara maslahatyň esasy maksady häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolan agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmak, oba hojalyk pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de bu ugurda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Foruma Belarusyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşyp, oba hojalyk ylmynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleri, oba hojalyk ylymlarynyň häzirki zaman ugurlaryny, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy taslamalary özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide Hasyl toýy mynasybetli S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçiren «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňiji bolan işleri hem görkezildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, önümçilige ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we täzeçil çözgütleri ulanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri aýratyn nygtaldy. Şu ýyl ýurdumyzda gallaçylaryň ak bugdaýyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrandygy, ýüpekçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendigi bellenildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynda pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen kuwwatly önümçilik toplumynyň, şeýle hem mineral dökünleri öndürýän täze senagat desgalarynyň gurluşygynyň başlanmagy oba hojalyk pudagynyň senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Halkara forumyň çäklerinde uniwersitetiň «Altyn asyr» medeni merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.
Maslahat soňra «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» ýaly ugurlar boýunça bölümçelerde dowam etdi. Bu mejlislerde oba hojalyk ylymlarynyň ösüşiniň täze ugurlary, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň çäklerinde oba hojalyk ylmynyň öňünde durýan täze wezipeleriň möhümdigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň obasenagat toplumynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň sazlaşykly ösdürilmegine, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine hem-de oba hojalyk pudagynda täzeçil başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän möhüm meýdança öwrüldi.
TM
EN
RU