Halkymyzyň irki döwürlerden bäri bag ekmek, idetmek işleri sogap hem haýyrly iş hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň görelde görkezmeginde her ýyl altyn güýzüň tylla nuruny eçilýän döwri ählihalk bag ekmek çäreleri ýurdumyzda ýokary derejede geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bize ähli işde beýik mugallym, görelde bolup zähmetsöýerligiň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezip, agzybir türkmen halkymyz bilen tebigata aýawly garamak, bag ekmek däp-dessuryny ýöredýär. Ekilýän baglar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar, toprak-howa şertlerimizi gowulandyrýar, iň esasy zat bolsa döwletimiziň baş baýlygy bolan adam saglygynyň aladasy edilýär.
Bag barada, olary köpeltmek barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Miweli bagyň başy aşak”, “Bag barsyz bolmaz, at timarsyz”, “Bag ekeniňki, ýap çekeniňki” ýaly ganatly jümleleri okanymyzda baglaryň adam durmuşyndaky ornuna düşünip bolýar. Şeýle parasatly aýtgylardan ugur alyp, ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda umumybilim berýän edaralarda hem bu asylly ýörelge gyzgalaňly alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz döwrebap ylym, bilim alýan ýaşlara zähmet terbiýesini öwretmegiň ähmiýeti dogrusynda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda: ”Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar” diýip belläp geçýär.
Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Mary welaýatynyň topragynda hem goňşy-golamlar, kärdeşler we ýaşlar bir ýere jemlenip, bilim ojaklarynyň daş-töweregini, seýilgähleri miweli hem saýaly agaçlar bilen bezemekde uly zähmet joşgunyny görkezýärler. Gündelik durmuşda eli galamly, ýüregi buýsançly bilim işgärlerimiz bu gün ellerine pil we ýaşajyk nahallary alyp, geljekki nesillerimiziň saýasynda dynç aljak ýaşyl baglarynyň düýplerini tutýarlar. Mekdep partasynda sözüň gudratyny, grammatikanyň inçe düzgünlerini, ene dilimiziň baýlygyny bilimleri giňden öwredýän mugallymlar kalbyndaky Watan söýgüsini oturdýan ýaş nahallaryna siňdirýärler. Belent ruhda amala aşyrylýan bu zähmet baýramy Watanymyzyň tämiz howasyny gorap saklamaklygyň, jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygy barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Mary welaýatynda ýaşlaryň we ýaşulularyň agzybirlik bilen bir supradan çörek iýip, bag nahallaryny ekmegi ýowaryň iň janly we gözel pursatlary bolup hakydalarda orun alýar. Biziň jomart topragymyzda ekilýän her bir ýaş bag nahaly il-gün bähbitli alnyp barylýan tutumlaryň uly goldawa eýedigini subut edýär. Çünki agzybirlik bar ýerde üstünlik, ýowar bar ýerinde hemişe rowaçlyk bardyr.
Bu gün geljegiň gurujylary bolan ýaşlar Ýeriň “öýkeni” hasaplanýan baglary, tokaý zolaklaryny döretmäge, agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmäge, Diýarymyzyň ”ýaşyl” gurşawyny gözelleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Umuman, ýaşlaryň ekologiýa bilimi, aňy we medeniýeti daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşaýan şahsyýeti kemala getirmegiň biri-biri bilen baglanyşykly ulgamydyr. Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň ösen ekologiýa medeniýeti we jogapkärçiligi bilen, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändikleri, ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly asylly çärelere öň hatarlarda gatnaşýandyklary buýsandyryjydyr.
Goý, tylla güýzüň nurana günlerinde oturdylýan bag nahallary bagtyýar geljegimize saýa salsyn! “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda asuda, parahat we bedew batly ösüşlere beslenen Watanymyzda bize şeýle dabaraly çäreleri geçirmekde giň şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mary welaýat Baş bilim müdirligi
TM
EN
RU