2026-njy ýylyň 10 aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, jemi 590 medal gazandylar. Olaryň 179-sy altyn, 188-si kümüş, 223-si bolsa bürünç medallardyr.
Bu barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenildi. Mejlisde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak, halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.
Türkmen türgenleriniň gazanan medallary milli sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini, türgenleriň halkara derejesinde üstünlikli çykyş edýändiklerini görkezýär. Bu üstünlikler ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
TM
EN
RU