Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzyň we merdana halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli tagallalary edýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilimsiz öý otsuz ojak ýalydyr, ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet bolsa adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlyklarydyr” diýip, jaýdar belläp geçýär. Döredilýän giň mümkinçilikler bizi ─ mugallymlary mukaddes we iňňän jogapkärli kärimizde has-da tutanýerli we döredijilikli zähmet çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp edep-terbiýe we ýokary hilli bilim bermegiň netijeli, öňdebaryjy usullaryny okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrmaga, munuň üçin bolsa, hemişe gözlegde bolmaga ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 4-6-sy aralygynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar geçirildi. Usuly-amaly okuwlaryň dowamynda mugallymçylyk mekdebiniň pedagoglary Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlarynyň we ylmy işgärleriniň geçen umumy okuw sapaklaryna gatnaşdylar.
Usuly-amaly okuwlarda mugallymlar “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy”, onuň maksady we wezipeleri, bu möhüm resminamany durmuşa geçirmekde pedagogik işgärleriň alyp barmaly işleri, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde ösüp gelýän ýaş nesle terbiýe we bilim bermek işinde innowasion pedagogik tehnologiýalary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň netijeli usullary dogrusynda usuly-amaly maslahatlary diňlediler. Söhbet sapaklarynyň çäklerinde tejribeli mugallymlar ýaş pedagoglar bilen başlangyç synplarda okuw-terbiýeçilik işlerini guramakda okuwçylara aýratynlykda çemeleşmek, başarjaňlyk çemeleşmesinden ugur almagyň ýollary, matematika mugallymlarynyň sanly başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň usullary, mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary, başlangyç synplaryň okuwçylaryny talabalaýyk taýýarlamagyň ýollary dogrusynda özara pikir we tejribe alyşdylar. Tejribeli hünärmenler ýaş mugallymlaryň bilim işgärleriniň ruhy-ahlak keşbini, hünär ussatlygyny, bilim, tehniki başarnyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary barada beren sowallaryna giňişleýin jogaplary berdiler. Söhbet sapaklarynda çykyş eden ylmy işgärler ýurdumyzda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” çäginde amala aşyrylýan işler, ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler dogrusynda täsirli çykyşlary etdiler.
Usuly-amaly okuwlaryň soňky gününde oňa gatnaşan pedagogik işgärler okuwlarda geçilen temalar boýunça ylmy işgärler bilen özara pikir alyşdylar hem-de synaglary tabşyrdylar. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow usuly-amaly okuwlary üstünlikli tamamlan diňleýjilere dabaraly ýagdaýda “Tassyknama” gowşurdy.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda ýaş hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi, hünär derejesini ýokarlandyrmagy we mugallymçylyk ussatlygy kämilleşdirmekleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny we uly sagbolsunlaryny aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edtiler.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta
hünär okuw mekdebi
TM
EN
RU