2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa birleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 9-27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara maslahat dört ýylda bir gezek geçirilýär we telekommunikasiýa hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşine degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy halkara forumlaryň biri bolup durýar.
Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyk ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki zaman sanly hyzmatlarynyň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem sanly tehnologiýalary dürli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamyny ösdürmek, okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion çözgütleri ornaşdyrmak we sanly bilim boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy tejribe alyşmaga, öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmäge hem-de sanly bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.
Maslahat öz işini dowam edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TM
EN
RU