Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň çäklerinde sportuň «Şaşka» görnüşi boýunça oglanlaryň arasynda toparlaýyn ýaryş geçirildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşda Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly III orna mynasyp boldy.

Ýaryşda institutyň abraýyna Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary:

·         Bagtyýarow Begenç;

·         Öwjanow Ykbal wekilçilik etdiler.

Talyplarymyzyň gazanan bu üstünligi olaryň zehininiň, başarnygynyň, maksada okgunlylygynyň hem-de sporta bolan höwesiniň aýdyň beýanydyr.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ähli professor-mugallymlar düzümi talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýar hem-de olara geljekde täze üstünlikleri, okuwda we sportda uly ýeňişleri arzuw edýär!