«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Uniwersiadanyň çäklerinde geçirilen şaşka ýaryşynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp gyzlary üstünlikli çykyş etdiler.

Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda sportuň «Şaşka» görnüşi boýunça toparlaýyn geçirilen bäsleşikde institutyň wekilleri özleriniň pikirleniş ukyplaryny, oýna bolan ussatlyklaryny we toparlaýyn agzybirligini görkezip, III orny eýelediler.

Bu ýaryşda Türkmen döwlet maliýe institutynyň adyndan aşakdaky talyp gyzlar çykyş etdiler:

·         Taýyrowa Jümägül — Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;

·         Nyýazowa Bibihajar — Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Gazanylan bu baýrakly orun institutyň talyp ýaşlarynyň diňe bir okuwda däl, eýsem sportuň dürli görnüşlerinde hem işjeňlik görkezýändikleriniň nobatdaky subutnamasy boldy.

Talyp gyzlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara geljekde geçiriljek sport ýaryşlarynda täze ýeňişleri, okuwlarynda bolsa uly üstünlikleri arzuw edýäris!