Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ýurdumyzda uludan toýlanan Türkmen alabaýynyň baýramy ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky geçirilen bäsleşikde emin agzalarynyň ýokary baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, olara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýy ýapyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip belleýär. Bu gymmatly jümle döredijilik ynsanlarda halkymyzyň milli gymmatlygyna, wepadarlygyň nyşany hasaplanýan türkmen alabaýyna bolan hormatyny artdyrýar. Sungatyň çeper dilinde giň mazmun bilen wasp edilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eserinde, şol fakultetiň heýkeltaraşlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Bahar Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly heýkel eserinde, şeýle-de neşir önümleri boýunça binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ybraýym Ýaýlimowyň «Senenama 2027» atly dizaýn işinde türkmen alabaýyna mahsus bolan ähli gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär. Bu döredijilik eserlerinde durmuş hakykatynyň janly keşbi baradaky iň gyzykly pursatlar beýan edilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri sungat ojagymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen girdi. Edermen, wepaly türkmen alabaýlaryny wasp etmekde döredilýän ähli mümkinçilikler zehinli ýaşlaryň geljekde hem öz saýlap alan hünärlerinde milli gymmatlyklarymyzy täze eserlerde şöhlelendirmäge we dünýä ýaýmaga uly badalga berer!

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

ylym bölüminiň başlygy