Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 10-njy sany neşir edildi. Žurnalyň täze sany «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň esasy wakalaryny, ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de milli we halkara ähmiýetli başlangyçlary özünde jemleýär.

Täze neşirde döwlet Baştanynyň başyny başlan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegine aýratyn orun berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti, ýaşlaryň bilim, ylym, innowasiýa we telekeçilik ugurlaryndaky mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Neşirde halkara hyzmatdaşlygy we ýurduň Bitaraplyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine degişli makalalar hem ýerleşdirilipdir. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana we Ermenistana amala aşyran iş saparlary, halkara forumlarda öňe sürlen ýaşlar ugrundaky başlangyçlar baradaky seretmeler okyjylaryň ünsüni çekýär.

Mundan başga-da, žurnalyň sahypalarynda saglygy goraýyş, zähmet hukuklary, sanly tehnologiýalar, milli miras, maşgala gymmatlyklary we döredijilik temalary giňden şöhlelendirilýär. Çeper eserler we awtorlyk makalalary bilen baýlaşdyrylan neşir ýaş nesliň bilimli, watansöýüji we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeginde möhüm maglumat çeşmesi hökmünde hyzmat edýär.