Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Alp Arslan Begenjow 2026-njy ýylyň dowamynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen iri halkara ýaryşlarda mynasyp çykyş edip, ýurdumyzyň hem-de institutymyzyň abraýyny belende göterdi.

Zehinli türgenimiz birnäçe abraýly ýaryşyň baýrakly orunlaryna we medallaryna mynasyp boldy:

·    Aziýa çempionaty (6–12-nji aprel, 2026 ý., Bişkek şäheri, Gyrgyzystan Respublikasy): Sportuň erkin göreşi boýunça geçirilen ýaryşda III orny eýeläp, bürünç medala we degişli diploma eýe boldy.

·    U23 Aziýa çempionaty (23–31-nji maý, 2026 ý., Da Nang şäheri, Wýetnam): 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça geçirilen çempionatda I orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy.

·    U20 Aziýa çempionaty (27-nji iýun – 5-nji iýul, 2026 ý., Pattaýa şäheri, Taýland Patyşalygy): 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda (86 kg agram derejesinde) geçirilen erkin göreş ýaryşynda II orny eýeläp, kümüş medala we diploma eýe boldy.

·    U20 Dünýä çempionaty (16–23-nji awgust, 2026 ý., Bratislawa şäheri, Slowakiýa): 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda III orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlary Alp Arslan Begenjowy bu şanly ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýar hem-de oňa geljekki sport we okuw ýollarynda täze-täze üstünlikleri arzuw edýär!