Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň «Halkara maliýe» taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Gudrat Esenow halkara sport arenasynda nobatdaky üstünligini gazanyp, ýurdumyzyň we institutymyzyň abraýyny belende göterdi.

Zehinli türgenimiz 2026-njy ýylyň 7–8-nji fewraly aralygynda Italiýa Respublikasynyň Genuýa şäherinde geçirilen «Genoa Open Grand Prix 2026» (JJIF Ranking Event) halkara jiu-jitsu ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Ýokary ussatlyk we erjellik görkezen talybymyz bu abraýly bäsleşikde II orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlary Gudrat Esenowy bu şanly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýar hem-de oňa geljekki sport we okuw ýollarynda täze-täze üstünlikleri arzuw edýär!