Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň netijesinde türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Hojanazar Annaýew hem halkara sport meýdançalarynda gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanyp, Aziýa çempionatlarynyň üçüsinde baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Hojanazar Annaýew 2026-njy ýylyň 12–14-nji apreli aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 70 kilogram agram derejesinde (erkekleriň arasynda, nusgawy görnüş) II orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy.
Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň 9–16-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäherinde geçirilen Bilbagly we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda III orny eýeläp, bürünç medal gazandy.
Mundan başga-da, türgen 2026-njy ýylyň 11–14-nji iýuny aralygynda Fergana şäherinde geçirilen gyrgyz göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda hem üstünlikli çykyş edip, III orna we bürünç medala mynasyp boldy.
Şeýlelikde, Hojanazar Annaýew 2026-njy ýylda geçirilen halkara derejesindäki Aziýa çempionatlarynda 1 sany kümüş we 2 sany bürünç medal gazanyp, ýokary netijeleri görkezdi.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyplary Hojanazar Annaýewiň gazanan üstünliklerine buýsanýarlar hem-de oňa geljekde geçiriljek halkara ýaryşlarda täze ýeňişleri, uly üstünlikleri arzuw edýärler!
TM
EN
RU