2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy öňdebaryjy ýaşlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Ol bedew badynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyza ýaşlaryň belent buýsanjynyň beýany boldy.

Soňra zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde aýratyn tapawutlanan ýaşlar gezekli-gezegine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny kabul etdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy bu baýraga hödürlenildi. Şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

Zehinli ýaşlaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Fizika we elektronika kafedrasynyň uly mugallymy Gülälek Nuraýewanyň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolmagy uniwersitetde zähmet çekýän mugallymlarymyzyň we okaýan bagtyýar talyp ýaşlarynyň begenjini goşalandyrdy. Ýaş mugallymymyzyň gazanan döredijilik üstünlikleri olaryň zähmetine berlen ýokary bahanyň, olara bildirilýän uly ynamyň netijesini görkezdi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti