Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti we Türkmenkitap lomoý bölek birleşiginiň 16-njy dükany bilen “Kitap okaýanyň ruhy baý” atly kitap ýarmarkasy geçirildi.

Häzirkidöwürde ýurdumyzda çaphanaulgamynyň guwandyryjy depginlerbilen ösýändigini bellemekgerek. Her ýylda Türkmendöwlet neşirýat gullugytarapyndan birnäçe kitaplarçap edilip, giňokyjylar köpçüligine ýetirilýär. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen “Türkmenkitap” lomoý bölek birleşiginiň 16-njy dükany tarapyndan guralan“Kitap okaýanyň ruhy baý” atly kitap ýarmarkasy uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň kitaba bolan söýgülerini has-da artdyrýan çärä öwrüldi.

Kitap okamak ynsanyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar. Kitaby dost tutunan adamlar ýalňyzlyk, sussupeslik, göwnüçökgünlik ýaly ýaramazlyklardan azat bolýarlar. Diýmek, ruhumyzy baýlaşdyrýan kitaplar biziň saglygymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär.Taryhda ata-babalarymyz ylma, bilime uly sarpa goýupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýä meşhur alymlar, akyldarlar kemala gelipdir. Bize miras galan gymmatly kitaplar, bahasyz hazyna deňdir. Hemişe kitap okaýan adam özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr.

Türkmendöwlet neşirýat gullugynyňçap edýän kitaplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän kitaplary esasy orun eýeleýär. Geçirilen bu kitap ýarmarkasynyň çäklerinde talyp ýaşlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan sorag-jogap görnüşli bäsleşikleriň geçirilmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Kitap ýarmarkasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.