Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti we Türkmenkitap lomoý bölek birleşiginiň 16-njy dükany bilen “Kitap okaýanyň ruhy baý” atly kitap ýarmarkasy geçirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda çaphana ulgamynyň guwandyryjy depginler bilen ösýändigini bellemek gerek. Her ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan birnäçe kitaplar çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen “Türkmenkitap” lomoý bölek birleşiginiň 16-njy dükany tarapyndan guralan “Kitap okaýanyň ruhy baý” atly kitap ýarmarkasy uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň kitaba bolan söýgülerini has-da artdyrýan çärä öwrüldi.

Kitap okamak ynsanyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar. Kitaby dost tutunan adamlar ýalňyzlyk, sussupeslik, göwnüçökgünlik ýaly ýaramazlyklardan azat bolýarlar. Diýmek, ruhumyzy baýlaşdyrýan kitaplar biziň saglygymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Taryhda ata-babalarymyz ylma, bilime uly sarpa goýupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýä meşhur alymlar, akyldarlar kemala gelipdir. Bize miras galan gymmatly kitaplar, bahasyz hazyna deňdir. Hemişe kitap okaýan adam özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çap edýän kitaplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän kitaplary esasy orun eýeleýär. Geçirilen bu kitap ýarmarkasynyň çäklerinde talyp ýaşlar bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan sorag-jogap görnüşli bäsleşikleriň geçirilmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Kitap ýarmarkasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.