Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli waka hökmünde ýurdumyzyň dokumental mirasynyň ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýadygärligi» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilendigi habar berildi. 2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýadygärligi» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Sebitleýin komitetiniň (MOWCAP) XI Umumy ýygnagy we halkara maslahaty geçirilýär. Şol çäräniň çäklerinde sebitleýin sanaw dokumental mirasyň 21 sany täsin nusgasy bilen üst ýetirildi.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň hödürlän «Abu Yshak Ybraýym ibn Adhamyň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» atly dokumental miras toplumy hem bar. Bu hödürnama eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp görülip, ÝUNESKO-nyň abraýly sebit sanawyna girizildi.
Täze goşulan miras nusgasy Türkmenistanyň «Dünýäniň ýadygärligi» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleýin sanawyndaky ilkinji dokumental mirasy hökmünde taryhy ähmiýete eýe boldy. Bu waka türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nobatdaky beýanydyr.
MOWCAP-yň XI Umumy ýygnagy we halkara maslahaty Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI) tarapyndan Koreýa Respublikasynyň we Indoneziýanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýalary, şeýle hem Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde guralýar.
Maslahatyň esasy temasy «Suw dünýäsi: deňiz göçebeleri, dokumental miras we Dünýäniň ýadygärligi» diýlip atlandyrylyp, onda Günorta-Gündogar Aziýanyň deňiz jemgyýetleriniň medeniýeti, taryhy we olaryň mirasyny gorap saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Forumuň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň Medeniýet ministri Fadli Zon hem-de ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýadygärligi» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary boýunça Sebitleýin komitetiniň başlygy Kwibe Kim gatnaşyjylara ýüzlenip, çäräniň ähmiýetini bellediler.
Halkara maslahata Türkmenistandan Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri gatnaşýar.
Çäräniň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ähtnamalara gol çekişlik dabaralary geçirildi. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwiniň sergi zallarynda sebitiň deňiz siwilizasiýalarynyň taryhyny açyp görkezýän arhiw resminamalaryna, golýazmalara, fotosuratlara we kino materiallaryna bagyşlanan tematiki sergi guraldy.
TM
EN
RU