Ählihalk ýowary diňe bir abatlaýyş we arassaçylyk işi däl, eýsem ol halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we abadançylyga bolan aýdyň nyşanydyr. “Döwletliler köşgüniň” çäklerinde guralan bu gezekki çäre hem örän ruhubelent ýagdaýda başlandy.
Mugallymçylyk tejribämizde biz diňe bir okuw sapaklary bilen çäklenmeýän ýörelgelere eýerýäris. Çagalar tebigat bilen göni aragatnaşyga girenlerinde, ýer eýeçilik duýgusy, topraga bolan hormat olaryň kalbyna ömürlik siňýär. Ir säherden çagalar, terbiýeçiler we mugallymlar bir ýere jemlenip, köşgüň töweregindäki meýdançalary abadanlaşdyrmak, bag nahallarynyň düýplerini suwarmak, arassaçylyk işlerini geçirmek we ýaş otlary otamak ýaly işlere girişdiler. Her bir çaganyň ýüzündäki ýylgyryş, olaryň bu sogaply işe nähili höwes bilen gatnaşýandygyny açyp görkezýärdi. Çäre wagtynda biz çagalar bilen bilelikde täze nahallara suw berdik. Olara agaçlaryň, gülleriň we ösümlikleriň ýer ýüzündäki janly-jandarlar ähmiýeti barada gürrüň berdik. Çagalaryň soraglaryna jogap berip, tebigaty goramagyň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny düşündirdik. Olaryň öz elleri bilen ekilen ýa-da arassalanan her bir dury meýdança guwanç bilen seredişlerini hem zähmetimiziň miwesini görüp buýsanýarys.
Mugallym hökmünde bu çäräniň çagalarymyzyň kalbynda döreden buýsanjyny, olaryň tebigata we zähmete bolan garaýyşlarynyň nähili oňat tarapa üýtgeýändigini görmek meniň üçin uly bagt boldy. Biz mugallymlar hökmünde çagalarymyzyň Watansöýüjilik ruhunda, zähmetkeş, tebigata sarpa goýýan şahslar bolup ýetişmegi ugrunda mundan beýläkde ähli güýjümizi gaýgyrmarys.
Goý, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz hemişe gülläp össün, ýurdumyzyň bezegi bolan “Döwletliler köşgüniň” çagalarynyň gülki sesi hem-de bagtyýar ýylgyryşlary hemişe belentden ýaňlansyn.
Döwletliler köşgüniň mugallymy Annaýewa Çeper
TM
EN
RU