Britan geňeşiniň Türkmenistanda Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň «AELLCA» çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäheriniň Westminster uniwersitetinde hünär taýdan ösüşe we hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara maksatnamasy boýunça geçirilen hünär-kämilleşdiriş okuwlaryna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Westminster uniwersitetinde hünär taýdan ösüşe we hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara maksatnamasy boýunça geçirilen hünär-kämilleşdiriş okuwlary «Inklýuziw bilim we institusional durnukly tejribe», «Öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we öwrenmek», «Sapardan soňky durnukly netijeliligi üpjün etmek» atly bölümlerde ybarat boldy.
Hünär-kämilleşdiriş okuwlarynyň mazmuny Westminster uniwersitetinde okatmagyň we öwrenmegiň esasy ýörelgeleri, inklýuziw bilim bermek we okuw maksatnamasyny işläp düzmek,emeli aňyň üsti bilen hünär üçin baha beriş ulgamy, hyzmatdaşlyk we medeniýetleriň arasynda oňyn tejribe alyşmak ýaly mowzuklardan ybarat boldy. Gatnaşyjylar Beýik Britaniýanyň ýokary bilim ulgamyndaky okatmak we öwrenmek usullary, şol sanda talyba gönükdirilen bilim, inklýuziw okatmak usulyýeti, sanly bilim gurşawy we köpdilli bilimde talyplar jemgyýeti goldamak ýörelgeleri, okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň çemeleşmeleri, hünär derejesini ýokarlandyryş çäreleri, emeli äň bilen üýtgeýän hünär usullarynyň çäginde baha beriş ulgamynyň häzirki zaman çemeleşmeleri bilen giňden tanyşdylar.
Türkmen wekiliýetiň agzalaryna iňlis dilini okatmagyň usulyýetini synlamaga hem-de talyplaryň işjeňligine, inklýuziw pedagogika, diňleýjiler/talyplar bilen synp içindäki özara aragatnaşyga, önümçilik/refleksiw bilime we köpdilli bilimi goldamaga bolan çemeleşmeleri öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, okuw maksatnamasyny kämilleşdirmek we pedagogik innowasiýalar bilen meşgullanýan Westminster uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen pikir alyşyldy hem-de talyplaryň işjeňligine, inkluziýa we bilim innowasiýalaryna degişli peýdalanyp boljak öňdebaryjy tejribeler öwrenildi. Ýerli hünärmenleriň giňişleýin çykyşlaryndan soňra sorag-jogap, pikir alyşmak we tejribe paýlaşmak üçin mümkinçilikler döredildi.
Hünär-kämilleşdiriş okuwlaryň dowamynda bilim innowasiýalarynyň we öňdebaryjy tejribeleriň aýratyn taslamalaryň çäklerinden daşary durnukly saklanmagynyň ýollary, şol sanda institusional ornaşdyrmak, hyzmatdaşlyk, refleksiw amalyýet, hünär öwreniş jemgyýetleri hem-de edara derejesindäki uzak möhletleýin oňyn täsiri ösdürmek çemeleşmeleri öwrenildi
Şeýle hem, wekiliýetiň agzalary Westminster uniwersitetiniň okuw binalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň döwrebap okuw otaglary, innowasion sanly bilim we barlag merkezleri, baý kitaphana gory hem-de talyplar üçin döredilen amaly otaglar bilen ýakyndan tanyşdylar. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetine Westminster uniwersitetiniň Hukuk mekdebine gezelenç gurnaldy. Bu Hukuk mekdebi 150 ýyldan gowrak taryhka eýe bolup, halkara derejesindäki barlaglary, kazyýet simulýasiýalary üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglary we täzeçil okuw usullary bilen tanalýar.
Britan geňeşiniň ýurdumyzda Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň «AELLCA» çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäheriniň Westminster uniwersitetinde hünär taýdan ösüşe we hyzmatdaşlyga gönükdirilen hallara maksatnamasy boýunça geçirilen hünär-kämilleşdiriş okuwlary Türkmenistan üçin möhüm platforma bolup, bilim çygryndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyna we täze halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berdi. Bu sapar türkmen mugallymlaryna we halkara hyzmatdaşlara döwrebap bilim usullary barada gymmatly tejribe toplamaga, hem-de geljekde dil öwretmek ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döretdi. Türkmen wekilleriniň bu iş saparyna gatnaşmagy, ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary we oňyn tejribäni milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky ygrarlydygyny tassyklady.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
TM
EN
RU