«UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtinginiñ ýolbaşçysy Riri Fitri Sari Şahadatnama gowşurdy

25      2023-nji ýylyň netijeleri esasynda ýakynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi girdi. UI GreenMetric World University Rankings – uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek barada isleginiň ýyllyk görkezijisidir. Hususan-da, dünýä uniwersitetlerine alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.
    Görkezijini Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri düzýär. Birinji görkezijä 96 uniwersitet gatnaşdy, indi onuň döredilen gününden bäri oňa gatnaşyjylaryň sany ençeme esse artdy. Şu ýyl «UI GreenMetric» görkezijisine 85 ýurtdan ýokary okuw mekdepleriň 1183-si goşuldy.
     2023-nji ÿylyñ dekabr aýynyñ 27-sine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.Halkara ylmy-amaly maslahatyñ çäginde  «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtinginiñ ýolbaşcysy Riri Fitri Sari Türkmen döwlet maliýe institutynyñ rektory Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewe Şahadatnamany gowşurdy. Türkmen döwlet maliýe instituty dünýä uniwersitetlerine baha bermegiň ähli ölçegleri babatda gowy netijeleri görkezdi.
     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä boýunça durnukly ösüşe gönükdirilen daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge çalyşýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309